3-nji sentýabrda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň premýer-ministriniň daşary syýasat we goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi Kristofer Ýonker bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplotamik dialogy işjeňleşdirmek, ikitaraplaýyn hem-de Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi görnüşindäki hyzmatdaşlygy giňeltmek barada gürrüň edildi. Türkmen tarapy ýurduň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgelerine eýerip, halkara meselelerini çözmekde öňüni alyş diplomatiýasyny, syýasy dialogy we parahatçylykly serişdeleriň ulanylmagyny goldaýandygyny nygtady.
Gepleşikleriň dowamynda ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berlip, niderlandly işewürleriň Türkmenistandaky taslamalara gatnaşmagynyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, gämi gurluşygy, deňiz infrastrukturasyny ösdürmek, saglygy goraýyş, innowasion tehnologiýalar hem-de metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi bellenildi.
Türkmen tarapy niderland kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramaga we degişli duşuşyklary geçirmäge ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.
Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary maslahatlaşdy. Niderlandlaryň Limburg sebitinde ahalteke atlarynyň arasynda gözellik bäsleşigi we atly sport boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky medeni hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar başlanan dialogy dowam etdirmäge we öňe sürlen başlangyçlary amala aşyrmaga taýýardyklaryny bildirdi.