Ahalteke atlarynyň arasynda Fransiýadan gelen at Ýewropa çempiony boldy

Şu gün, 12:451,579

Niderlandlaryň «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda gözellik bäsleşigi we atly sport boýunça dünýä çempionaty dowam edýär. Onuň esasy wakalarynyň biri ahalteke bedewleriniň arasynda gözellikde bäsleşmek boýunça Ýewropa çempionynyň kesgitlenmegi boldy.

Bu bäsleşige 25 ýurtdan getirilen 100-den gowrak saýlama ahalteke aty gatnaşdy diýip, THP belleýär.

Bäsleşigiň netijelerine görä, Fransiýanyň atşynaslary tarapyndan ýetişdirilen «Ýyndam» atly ahalteke aty Ýewropanyň çempiony diýlip yglan edildi. Emin agzalary bu atyň arassa ganlylygyna, kämil beden gurluşyna hem-de endamynyň altyn öwsüp durmagyna ýokary baha berdi.

Bu üstünlik Ýewropada ahalteke atlaryna bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny tassyklaýar.

Niderlandlarda dowam edýän gözellik bäsleşigi we atly sport boýunça dünýä çempionaty 6-njy sentýabrda resmi taýdan ýapylar. Çäräniň guramaçysy hökmünde «Türkmen atlary» döwlet birleşigi we Ýewropanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasy çykyş etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.