Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, ol ýerde alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş işleri, täze ýol gurluşyk taslamalary we Aba Annaýew şäherçesinde ýaşaýan atşynaslar üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew, Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow çagyryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň binalarynyň içki we daşky durkuny döwrebaplaşdyrmak, daş-töweregini abadanlaşdyrmak hem-de bagy-bossanlyga öwürmek boýunça taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy. Soňra käbir belliklerini aýdyp, degişli maslahatlaryny berdi.
Atşynaslaryň teklipleri esasynda çapyşyk ýodasyny döwrebaplaşdyrmakda hut türkmen topragynyň ulanylmalydygy bellenildi, sebäbi ol arassalygy we peýdalylygy bilen tapawutlanyp, bedewleriň aýak urşuna doly kybap gelýär.
Şeýle hem topluma gelýän tomaşaçylar üçin ýokary derejeli şertleri döretmek we sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak tabşyryldy. Aba Annaýew şäherçesinde ýaşaýan atşynaslar üçin hem amatly şertleriň üpjün edilmelidigi nygtaldy.
Saparyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň atly sport oýunlary binasynyň ýapyk manežine baryp, öz seýislän Hanbeg atly bedewi bilen görüşdi we birsellem gezim etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň girelgesinden täze şäheriň «Ahalteke atlary» şaýolunyň «Taýçanak» binasyndan «Polatly» binasyna çenli bolan aralykdaky ýoluň gurluşyk çyzgylary bilen tanyşdy.
D.Orazowyň işleriň alnyp barlyşy, ulanylmagy göz öňünde tutulýan gurluşyk we bezeg serişdeleri barada beren maglumatlaryny diňläp, Gurbanguly Berdimuhamedow ýol gurluşygynyň depginini gowşatmaly däldigini we ýokary hili üpjün etmelidigini nygtady. Şeýle hem ýoluň ugrunda bagy-bossanlygy döretmek hem-de gyralarynda atlaryň heýkellerini öz wagtynda oturtmak barada degişli tabşyryklary berdi.
Saparyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bellenen wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.