Ahalteke atlary gaznasynyň (ATF) wekili Patrisiýa (Pet) Jonston Demirgazyk Amerikada arassa ganly ahalteke atlarynyň sanyny we häzirki ýagdaýyny anyklamak maksady bilen geçirilen ilkinji giňişleýin ýazuwyň hem-de uly göwrümli gözlegiň netijelerini hödürledi.
Ýazuw 2026-njy ýylyň başynda geçirilip, Demirgazyk Amerikada bary-ýogy 350 töweregi arassa ganly ahalteke atynyň bardygyny görkezdi. Bu bolsa sebitde bar bolan 60 million töweregi atdan, takmynan, her 20 000 başa bir ahalteke atynyň düşýändigini aňladýar.
Atlaryň ýaşy, saglyk ýagdaýy we köpelmäge fiziki taýdan ukyplylygy göz öňünde tutulanda, häzirki wagtda Demirgazyk Amerikada köpeltmäge ýaramly baýtallaryň sany 90-dan geçmeýär. Baýtallaryň ortaça göwreli bolma derejesi we bu döwrüň 11 aý dowam edýändigi hasaba alnanda, sebitde her ýyl bary-ýogy 10–15 sany arassa ganly ahalteke taýy dünýä inýär.
Bu görkeziji tohumyň sanyny durnukly saklamak üçin zerur bolan derejesinden pesdir. Şeýle ýagdaý genetiki köpdürlüligiň azalmagyna, geljekde bolsa arassa ganly ahalteke tohumynyň Demirgazyk Amerikada ýitip gitmek howpunyň ýokarlanmagyna getirip biler.
Bu çagyryşlara jogap hökmünde Gazna tohumy gorap saklamak strategiýasyny (ATF-CBF) işläp düzdi. Täze başlangyç şejere seljermesiniň öňdebaryjy usullaryny döwrebap genom tehnologiýalary, şol sanda SNP derňewi we hromosomlaryň nesilden-nesle geçişini yzarlamak usullary bilen birleşdirýär. Bu bolsa ahalteke tohumynyň gymmatly, emma sany az bolan genetiki ugurlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
ATF ahalteke atlarynyň tohumyny gorap saklamaga we ösdürmäge gönükdirilen 501(c)(3) görnüşindäki ýeke-täk täjirçilik däl guramadyr.
Mälim bolşy ýaly, häzir Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşigi boýunça dünýä çempionaty dowam edýär. Üç günlük çäre dünýäniň 25 ýurdundan gatnaşyjylary we myhmanlary bir ýere jemledi. Ýewropa ýüzden gowrak at, şol sanda Türkmenistandan 30 sany saýlama ahalteke aty geldi.

Ýaryşlaryň birinji gününde ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň ilkinji tapgyrlary geçirildi we türkmen atlary eýýäm alty baýrakly orny eýeledi:
- Ikiýaşar gylýallaryň arasynda birinji orny Jeren Gözli, ikinji orny bolsa Ak Monjuk eýeledi.
- Ikiýaşar aýgyrlaryň arasynda syratly Meledag çempion diýlip ykrar edildi.
- Üçýaşar gylýallaryň hatarynda Al Ýaňak bürünç baýragyň eýesi boldy.
- Üçýaşar aýgyrlaryň kategoriýasynda çempion titulyny Güneş aldy, kümüş baýraga bolsa Gözbaş mynasyp boldy.
Şeýle-de şol gün Wenraý şäherinde ABŞ-dan, Italiýadan, Fransiýadan we beýleki ýurtlardan alymlaryň, atşynaslaryň hem-de hünärmenleriň gatnaşmagynda «Ahalteke aty: Türkmen nusgawy seçgi sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň niderland diline terjime edilen «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Çempionatyň esasy wakalary şu gün, 5-nji sentýabrda geçiriljek uly ýaşly atlaryň gözellik bäsleşigi, dünýä çempionyny kesgitlemek, konkur boýunça ýaryşlar hem-de türkmen sungaty we medeniýeti bilen tanyşdyrýan sergi bolar. Ýaryşlaryň ikinji güni sport we gözellik bäsleşikleriniň ýeňijilerini, şeýle-de ahalteke bedewlerini öz eserlerinde wasp eden suratkeşlerdir heýkeltaraşlary sylaglamak dabarasy we gala-agşamlyk bilen tamamlanar.
Çempionatyň resmi ýapylyşy ýekşenbe güni, 6-njy sentýabrda geçiriler.