5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygyna sapar bilen ugrady. Ol ahalteke atlarynyň arasynda gözellik bäsleşigi we atly sport boýunça geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşar diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke atlarynyň arasynda geçirilýän gözellik, dressaž, konkur boýunça ýaryşlaryň jemlerini jemlemäge gatnaşar.
Meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň hem geçirilmegine garaşylýar.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny ýurduň resmi adamlary ugratdy.