Isar Aerospace kontinental Ýewropadan ilkinji täjirçilik orbital uçuşyny amala aşyrdy

06.09.2026, 19:031,988

Germaniýanyň Isar Aerospace aerokosmos startapy ikinji synanyşykda bäş sany emeli hemrany Ýere togalagynyň pes orbitasyna üstünlikli çykardy. Spectrum raketa göterijisiniň uçurylmagy Ýewropanyň kontinental böleginden amala aşyrylan ilkinji täjirçilik orbital uçuşy boldy.

Spectrum raketasy 5-nji sentýabrda UTC wagty bilen 20:12-de (Aşgabat wagty bilen 6-njy sentýabrda 01:12-de) Norwegiýanyň Andöýa kosmodromyndan uçuryldy. Göni ýaýlym uçuşdan 18 minut soň meýilleşdirilen tertipde bes edildi — şol wagt hem raketanyň bort kameralary bilen aragatnaşyk ýitdi.

Ýaýlym kesilmezden öň raketa uçuşyň esasy tapgyrlaryny üstünlikli geçdi. Ol basgançaklaryny aýyrdy, ikinji basgançagyň hereketlendirijisini işe girizdi, baş örtügini taşlady we orbital traýektoriýa çykandan soň ikinji basgançagyň hereketlendirijisini öçürdi.

Isar Aerospace-iň habar bermegine görä, ol hemralary orbita çykarmagy başaran Ýewropada ilkinji täjirçilik kosmos kompaniýasy boldy.

«Biz Ýewropanyň älem pudagynyň öň onlarça ýylyny sarp edip ýeten derejesine birnäçe ýylyň içinde ýetdik. Indi Ýewropanyň kosmosa özbaşdak çykmak mümkinçiligi bar. Biz Ýewropanyň kosmonawtikasynda täze sahypany açdyk» diýip, Isar Aerospace kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyjylarynyň biri Deniel Metsler belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.