Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eswatininiň Patyşasy Mswati III-ä we ýurduň ähli halkyna Eswatini Patyşalygynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Mswati III-ä berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Eswatini Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Ýatladyp geçsek, Patyşa Mswati III 2025-nji ýylyň awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelipdi. Şondan başga-da, şol ýylyň sentýabr aýynda iki döwletiň Baştutanlary Nýu-Ýorkda ikitaraplaýyn duşuşyk geçiripdiler.
Eswatini Patyşalygynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni (Somhlolo Day) her ýylyň 6-njy sentýabrynda bellenilýär. Bu sene 1968-nji ýylda ýurduň Beýik Britaniýadan doly garaşsyzlygyny gazanmagy bilen baglydyr.