Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna Braziliýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Lula da Silwa tüýs ýürekden berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
1822-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda şazada Pedru (soňra Patyşa Pedru I) Ipiranga derýasynyň ýakasynda Braziliýanyň Portugaliýadan garaşsyzlygyny yglan etdi. Ýurt Milli baýramy — Garaşsyzlyk gününi (Dia da Independência) dabaraly harby ýörişler, medeni aýdym-sazly çykyşlar bilen giňden belleýär. Baýramçylyk güni öýlerdir köçeler köpçülikleýin ýagdaýda milli baýdagyň reňki bolan sary-ýaşyl reňkler bilen bezelýär.