Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygy we täze binalaryň gurluşygy boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün, 08:064,123

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

TDH-niň habar berşi ýaly, maslahatda güýzlük bugdaý ekişi, 9-njy sentýabrda gowaça ýygymyna başlamaga taýýarlyk görülmegi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna gabatlap açylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygy esasy üns merkezinde boldy.

Bäş welaýatyň häkimleri möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Welaýatlarda bugdaý ekişi dowam edýär, olaryň bökdençsiz geçirilmegi üçin oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, öndürijiler ýokary hilli tohum bilen üpjün edilýär.

Şeýle-de, pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görülýär. Möwsüme pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, kombaýnlar we pagta daşamakda ulanyljak ulag serişdeleri taýýar edilýär.

Meýdanlarda beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işleri hem dowam etdirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ýaly ekinlere ideg edilýär. Zerur bolan agrotehniki çäreler geçirilýär.

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň ýolbaşçylaryna bugdaý ekişinde agrotehniki kadalaryň we möhletleriň berjaý edilmegini üpjün etmegi, pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmegi hem-de gowaça meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almagy tabşyrdy. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hyzmatdaş kärhanalaryň arasynda özara hasaplaşyklary wagtynda geçirmegiň zerurdygy aýratyn bellenilip geçildi.

Şeýle hem maslahatda durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.