Ferrari superkary iki rully etmegi oýlap tapdy: ol nämä gerek?

Şu gün, 18:51573
1 / 2

Ferrari kompaniýasy iki sany aýratyn kokpitli we şonça-da ruly bolan üýtgeşik awtoulagyň dizaýnyny hasaba aldyrmak üçin ABŞ-nyň patent edarasyna ýüz tutdy. Şeýle gurluşda iki ruluň başynda hem sürüji, hem ýolagçy üçin aýratyn orun bolar diýlip çaklanylýar.

Goşmaça giňişlik döretmek üçin, ulanylmaýan ruly, takmynan, 90 gradusa epläp aýryp hem bolýar. Ruluň özi «Formula-1» bolidleriniň äheňinde işlenip taýýarlanylypdyr we çykaryp bolýan dolandyryş gurluşy bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Şeýle gurluş elektromobil üçin niýetlenen bolmagy ähtimal. Sebäbi patent beýanynda rul bilen tigirleriň arasynda hökmany mehaniki baglanyşyk ýok.

Ulgam ulagy iki tarapyndan hem dolandyrmaga mümkinçilik berer. Mysal üçin, kontinental Ýewropadan Beýik Britaniýa barlanda iki ruluň bolmagy awtoulagyň hereket ugruny tiz üýtgetmäge şert döreder.

Ýaryşlarda şeýle gurluş sag ýa-da çep öwrümleriň agdyklyk edýän ýollarynda peýdaly bolup biler. 

Täze dizaýnyň uzak ýola çykylanda sürüjiniň aram-aram ýerini üýtgedip sürmegi üçin hem oňaýly taraplary bar.

Ferrari ozal hem ruluň we pedal toplumynyň ýerleşişini üýtgetmäge mümkinçilik berýän ulgamlaryň üstünde işläpdi. Emma häzirki gurluş iki sany aýratyn kokpitiň bolmagy bilen tapawutlanýar. Iki adamlyk, ýöne ikinji dolandyryş ulgamy bolmadyk şuňa meňzeş konsepsiýalar ozal Ferrari Monza SP2 we Aston Martin V12 Speedster modellerinde görkezilipdi.

Ferrari kompaniýasynyň iki rully awtoulagy tapgyrlaýyn önümçilige goýmak meýli barada häzirlikçe maglumat ýok. Şonuň üçin, beýleki köp patent taslamalary ýaly, bu dizaýnyň hem diňe inženerçilik çözgüdi hökmünde galmagy mümkin.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.