Şotlandiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we Italiýanyň «Napoli» toparynyň ýarymgoragçysy Skott Maktomineý ýürek operasiýasyny geçirdi. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.
30-njy awgustda 29 ýaşly oýunçy Italiýanyň çempionatynyň ikinji tapgyrynda «Komo» garşy geçirilen duşuşygyň (1:2) 56-njy minutynda çalşyryldy. Oňa howply bolmadyk ýeňil aritmiýa diagnozy goýuldy. Bu näsazlygy düzetmek üçin ablýasiýa prosedurasy geçirildi. Onuň dowamynda ýürek urşunyň bozulmagyna (aritmiýa) sebäp bolýan ýürek dokumasynyň kiçijik bölegi aýryldy.
Operasiýa üstünlikli geçdi. Bellenilişi ýaly, näsagyň adaty durmuşa girişmegi üçin iki hepde töweregi wagt gerek bolar, şondan soň Skott Maktomineý türgenleşiklere täzeden başlap biler.
Futbolçy 2024-nji ýyldan bäri «Napolide» çykyş edýär. Ol toparyň düzüminde Italiýanyň çempiony we ýurduň Kubogynyň eýesi boldy. Onuň hasabynda klub üçin geçirilen 82 duşuşykda 27 gol we 10 assist bar.
Geçen ýyl futbolçy «Altyn top» baýragynyň dalaşgärleriniň sanawyna girdi.
Italýan klubuna geçmezden öň Maktomineý Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» toparynda çykyş edipdi.
Häzirki möwsümde «Napoli» üç tapgyrdan soň üç utuk bilen ýurduň birinjiliginiň ýaryş tablisasynda 12-nji orny eýeleýär. Nobatdaky tapgyrda topar öz meýdançasynda «Bolonýany» kabul eder. 10-njy sentýabra geçilýän gijesi klub öz öýünde Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň duşuşygynda Londonyň «Arsenaly» bilen oýnar.