Türkmenistanyň Prezidenti KHDR-iň lideri Kim Çen Yny milli baýram bilen gutlady

09.09.2026, 09:145,357

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň (KHDR) Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna we ýurduň ähli halkyna milli baýram — KHDR-iň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Kim Çen Yna tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

KHDR-iň döredilen güni 1948-nji ýylyň 9-njy sentýabry hasaplanylýar. Hut şol gün Koreýa ýarym adasynyň demirgazyk böleginde Koreýa Halk Demokratik Respublikasy resmi taýdan yglan edilip, Kim Ir Seniň baştutanlygynda ilkinji hökümet düzüldi.