Türkmenistanyň döwlet Baştutany Emomali Rahmona gutlag iberdi

Şu gün, 10:441,580

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Täjigistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de Türkmenistanyň Täjigistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.

«Ýurtlarymyzyň syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hereketlerini üstünlikli utgaşdyrýandygyny bellemek guwandyryjydyr» diýip, Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.

Döwlet Baştutany bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi. Prezident ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglygy, bagtyýarlyk we abadançylyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni her ýylyň 9-njy sentýabrynda bellenilip geçilýär. 1991-nji ýylyň şol gününde Täjigistanyň Ýokary Geňeşiniň sessiýasynda Döwlet garaşsyzlygy baradaky Jarnama kabul edilip, ýurt özbaşdak döwlet hökmünde yglan edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.