Britan aeroportlarynda dörän näsazlyk zerarly 2 günde 2 müňden gowrak uçuş ýatyryldy

Düýn, 18:254,609
1 / 2

Beýik Britaniýanyň howa gatnawlaryny dolandyrmak ulgamynda ýüze çykan näsazlyk iki günüň dowamynda ýurtda 2 müňden gowrak uçuşyň ýatyrylmagyna sebäp boldy. Bu barada The Guardian awiasiýa maglumatlaryny seljerýän Cirium kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

Näsazlyk ýurduň iň iri howa menzilleriniň, şol sanda Hitrou, Gatwik, Mançester we Birmingem aeroportlarynyň işine täsir etdi.

Ýurduň Milli howa hereketini dolandyryş gullugy (NATS) näsazlygyň uçuş maglumatlaryny işlemek ulgamyndaky tehniki näsazlyk sebäpli ýüze çykandygyny habar berdi.

Soňra NATS meseläniň çözülendigini mälim etdi. Muňa garamazdan, awiakompaniýalaryň gatnawlaryndaky bulam-bujarlyk iki gün bäri dowam edýär.

«Häzirki wagtda ulgamymyzdaky näsazlyk aradan aýryldy. Biz adaty tertipde işleýäris we gijä galan gatnawlaryň üýşen nobatyny aradan aýyrmak üçin ähli mümkin bolan tagallalary edýäris» diýip, gullugyň wekilleri sosial ulgamlarda habar berdiler we ýüze çykan bökdençlikler üçin ötünç soradylar.

Beýik Britaniýanyň ulag ministri Haýdi Aleksander uçuşlaryň adaty tertibiniň doly dikeldilmegi üçin wagtyň gerek boljakdygyny aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.