Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 8-nji sentýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşdy. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahatlaşdy.
Kristin Hokins Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Mejlisiň işi we ýurtda geçirilýän özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukugynyň ýyly» atly Kararnamanyň ähmiýetini belledi. Bu resminama, bellenilişi ýaly, halkara hukugynyň ornuny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Dünýägözel Gulmanowa ABŞ-nyň ilçihanasynyň goldawy bilen «Açyk dünýä» maksatnamasynyň çäklerinde guralan Mejlisiň wekilleriniň okuw saparynyň möhüm ähmiýete eýe bolandygy nygtady. Onuň aýtmagyna görä, şeýle taslamalar tejribe alyşmaga we parlament işini hem-de milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam berýär. Taraplar şeýle başlangyçlaryň dowam etdirilmegine goldaw bildirilýändigini belledi.