Tramp respublikanlar saýlawda ýeňiş gazansa, raýatlara $5 müň paýlajakdygyny wada berdi

Şu gün, 14:032,645

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp noýabr aýynda geçiriljek aralyk saýlawlardan soň Respublikan partiýa Kongresiň iki palatasynda-da köplügini saklap bilse, kämillik ýaşyna ýeten her bir amerikaly raýata 5 müň dollar tölenjekdigini aýtdy.

Bloomberg-iň hasaplamalaryna görä, şeýle tölegiň amala aşyrylmagy döwlet býujetine 1 trillion dollardan gowrak çykdajy getirip biler. Çünki ABŞ-nyň Ilat ýazuwy býurosynyň maglumatyna görä, ýurtda, takmynan, kämillik ýaşyna ýeten 240 million raýat bar.

Tramp bu barada 9-njy sentýabrda Dallas şäherinde geçirilen Respublikan partiýanyň gurultaýynyň açylyşynda eden çykyşynda aýtdy:

«Eger respublikanlar ýeňiş gazansa, bu siziňem ýeňişiňiz bolar, siz 5 müň dollar alarsyňyz».

Prezident bu tölegi «Trampyň diwidendi» diýip atlandyrdy. Şol bir wagtyň özünde ol bu pullaryň diňe ABŞ-nyň çäginde harçlanmaly ediljekdigini aýtdy. Emma serişdeleriň nähili görnüşde tölenjekdigini anyklaşdyrmady.

Bloomberg-iň belleýşine görä, şeýle pul töleginiň islendik görnüşde amala aşyrylmagy üçin Kongresiň tassyklamagy zerur.

ABŞ-da aralyk saýlawlar 3-nji noýabrda geçiriler. Saýlawlarda 435 agzadan ybarat Wekiller palatasynyň ähli agzalary, şeýle hem Senatyň 100 ornunyň 33-si täzeden saýlanar. Häzirki wagtda Kongresiň iki palatasyna-da respublikanlar gözegçilik edýär.