Özüne-de, başgalara-da rehimdarlyk bilen çemeleşýän adamlaryň ruhy ýagdaýy, ortaça alanyňda, has gowy bolýar. Kanadadaky MakGill uniwersitetiniň alymlary 1200-den gowrak adamy öwrenip, şeýle netijä geldi.
Gözlegçiler gatnaşyjylary özlerine, beýleki adamlara we haýwanlara bolan garaýyşlaryna görä birnäçe topara böldüler. Barlagyň netijeleri diňe başgalaryň aladasyny etmegiň hemişe garaşylyşy ýaly oňyn täsiriniň bolmaýandygyny görkezdi.
Özüňe rehimdarlygyň pes bolmagy stresiň we howsalanyň ýokarlanmagyna we jemgyýetden üzňelige getirýär.
«Köp adamlar, esasan-da, ideg bilen bagly ugurlarda işleýänler, mugallymlar, lukmanlar, ene-atalar we jemgyýetçilik işgärleri köplenç başgalaryň aladasyny edip, özlerine welin gaty berk ýa-da biperwaý seredýär» diýip, MakGill uniwersitetinden gözlegiň esasy awtory Bassam Huri düşündirýär.
Onuň aýtmagyna görä, özüňe we töweregiňdäki adamlara bolan rehimdarlygyň arasyndaky şeýle deňsizlik adamy has was-wasy edip, onuň ruhy abadançylygynyň peselmegine sebäp bolup biler.
Alymlar özlerine, beýleki adamlara we haýwanlara birmeňzeş derejede ýokary rehimdarlyk bildirýän gatnaşyjylarda iň gowy netijeleri ýüze çykardy. Bu toparyň wekilleri ruhy taýdan has sagdyn bolup çykdy. Ýagny olaryň psihiki abadançylygy, duýgularyny dolandyryp bilmek ukyby we jemgyýet bilen gatnaşyklary has gowy boldy.
«Özüňe rehimdarlyk etmek adamlara kyn duýgulary kadalaşdyrmaga, özüňi hemişe ýazgarmagy azaltmaga we içki howpsuzlyk duýgusyny döretmäge kömek edip biler. Bu egoistlik ýa-da özüňe aşa üns bermek däl. Gaýtam, ol başgalaryň aladasyny uzak wagtlap edip bilmegiň we rehimdarlygy ähli janly-jandarlara ýaýratmagyň esasy şertleriniň biridir» diýip, Huri belleýär.