Bangladeşde ýurduň taryhynda iň uly gyzamyk epidemiýasy hasaba alyndy. Keselhanalar näsaglardan dolup, saglygy goraýyş ulgamy kynçylyk çekýär. Bu barada ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär.
2026-njy ýylyň martyndan bäri ýurtda bu kesel bilen baglanyşykly 999 ölüm hadysasy, şeýle-de epidemiýa başlandan soň 166 müňden gowrak gyzamyk şübheli näsag hasaba alyndy diýlip, Bangladeşiň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlarynda bellenilýär.
Şolaryň, takmynan, 19,8 müňüsi barlaghana amallary arkaly tassyklanyldy, 146 müňden gowrak näsag bolsa keselhana ýerleşdirildi. Epidemiýanyň ilkinji döwürlerinde näsaglaryň, takmynan, 80 göterimi bäş ýaşdan kiçi çagalar boldy.
Ýagdaýy ýene bir epidemiýa — denge gyzzyrmasynyň ýaýramagy has-da kynlaşdyrýar. Ýylyň başyndan bäri bu kesel bilen 45 müňden gowrak adam hassahanalara ýerleşdirildi. Bir günüň dowamynda hassahana ýerleşdirilen näsaglaryň sany 1571-e ýetip, bu iň ýokary ýyllyk görkezijiniň derejesi bilen deň boldy.
Saglygy goraýyş ulgamynda hassahana düşekleriniň we esasy derman serişdeleriniň, şol sanda çagalar üçin fiziologik erginiň ýetmezçiligi ýüze çykdy.
Gyzamyk epidemiýasyna esasan 2024-2025-nji ýyllarda meýilnamalaýyn sanjym işleriniň köpçülikleýin bökdelmegi sebäp boldy. Syýasy çökgünligiň täsirinde derman serişdelerini satyn almak we olary eltmek bilen baglanyşykly kynçylyklar ýüze çykdy. Wagtlaýyn hökümet döwlet satyn alyş düzgünlerini üýtgetdi we milli sanjym kampaniýalaryny ýatyrdy.