Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Singapuryň Prezidenti Tarman Şanmugaratnama, premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň halkyna gutlag iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz hatynda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, öňe gitmek we gülläp ösmek ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, gatnaşyklaryň mundan beýläk-de iki halkyň bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan bilen Singapuryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda ýola goýuldy.
Geçen ýyllaryň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, maliýe, ulag, energetika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürdi. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapura ilkinji döwlet sapary amala aşyryldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy, şeýle hem hökümetara we täjirçilik ylalaşyklary baglaşyldy.
2023-nji ýylda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda pudagara geňeşmeler geçirildi, olarda taraplar syýasy gatnaşyklary dowam etdirmek, işewürler forumlaryny geçirmek we özara saparlary guramak barada ylalaşdy.
Gutlagynyň soňunda Türkmenistanyň Prezidenti Tarman Şanmugaratnama we Lourens Wonga berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Singapuryň halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.