Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşiginiň netijeleri jemlendi.
Baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Matematiki analiz kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, uly mugallym Nurmuhammet Gurbanmämmedow mynasyp boldy.
Ýeňiji 505,52 bal toplady.
Baýrak eýeleri Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrma ulgamynda toplanan görkezijiler we sanly platformada awtomatik hasaplanan netijeler boýunça kesgitlendi.
Birinji orny üç mugallym özara paýlaşdy:
- Pirmyrat Geldimyradowiç Gurbanow — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Okuw bölümiminiň önümçilik tejribe okuwynyň ýolbaşçysy, uly mugallym (226,75 bal);
- Maksat Kurbandurdyýewiç Bugraýew — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy (160,82 bal);
- Musa Serdarowiç Ýazymow — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy (155,28 bal).
Ýeňijileriň doly sanawy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda tanşyp bilersiňiz.
Bäsleşik öňdebaryjy iş tejribesi, ýokary hünär ussatlygy we ylmy-pedagogik işjeňligi bolan mugallymlary ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.
Ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelän mugallymlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglandy.