Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdy. Birnäçe sagatdan soň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň uçary Seulyň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanyny ýurduň we Koreýa Respublikasynyň resmi adamlary garşylady.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýar. Iki ýurduň аrаsyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.
Ýurtlar diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup, onuň çäklerinde iri koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda nebitgaz, nebithimiýa we gazhimiýa pudaklarynda giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ulag-logistika, ekologiýa we medeni-ynsanperwer ugurlarda, hususan-da, koreý dilini öwretmek we akademiki alyşmalary guramak boýunça hyzmatdaşlyk giňeldilýär.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde hem ösdürilýär. Döwlet Baştutanynyň bu gezekki saparynyň çäklerinde geçiriljek ilkinji sammit sebit hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.