14-nji sentýabrda Aşgabatda parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Petru Burdužanyň ýolbaşçylygyndaky Moldowa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi. Hususan-da, wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisinde milli parlamentiň başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşyp, Türkmen-moldowan parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-moldowan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy.
Moldowan wekiliýeti Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem Mejlisiň durmuş-ykdysady özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
Taraplar kanunçylyk ulgamynda tejribe alyşmak we döwletara hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmek üçin parlamentara dialogyň ähmiýetini belledi. Diplomatik, syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen döredilen parlamentara dostluk toparynyň işine aýratyn üns berildi.
Mejlisiň çäklerinde parlament derejesinde yzygiderli duşuşyklary we özara saparlary guramak, şeýle hem degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek meýilnamalary maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi we özara bähbitli bolan ulgamlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdy.
Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.