15-nji sentýabrda döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Ir bilen Serdar Berdimuhamedow Koreýanyň milli gahrymanlarynyň ýadygärligine baryp, ol ýerde gül desselerini goýdy. Soňra döwlet Baştutany koreý halkynyň däp-dessurlaryna hormatyň nyşany hökmünde, agaç bölejiklerini içi közli ýörite gutynyň içine atdy.
Soňra Serdar Berdimuhamedow «Çhonwade» köşgüne ugrady. Bu ýerde ony Prezident Li Çže Mýon garşylady.
Köşkde Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi, iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy. Döwlet Baştutanlary Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçdiler we Koreýanyň Milli goşunynyň baýdagyny sarpaladylar.
Soňra Serdar Berdimuhamedow bilen Li Çže Mýonyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.
Li Çže Mýon Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Koreýa Respublikasyna gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän koreý-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berdi.
Serdar Berdimuhamedow çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, saparyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Energetika, senagat, himiýa senagaty, ulag, emeli aň, ylym we tehnologiýalar, suw serişdelerini dolandyrmak we ekologiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Şeýle hem ulag-üstaşyr we logistika ulgamynda, hususan-da, «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serdar Berdimuhamedow geljek ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 35 ýyl dolýandygyny aýdyp, bu senäni iki ýurtda hem giňden bellemegi teklip etdi.

Gepleşikleriň dowamynda medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada hem pikir alşyldy.
16-njy sentýabrda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigi bellenildi.
Gepleşikleriň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Li Çže Mýony geljek ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Ikitaraplaýyn gepleşiklerden soňra Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň adyndan resmi kabul edişlik guraldy. Kabul edişligiň dowamynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn dialogyň okgunly ösüş häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.