15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Resminamalar maýa goýumlary, gümrük işi, himiýa senagaty, suw serişdelerini dolandyrmak, ýaşlar, intellektual eýeçilik, hukuk, hukuk goraýjy edaralaryň işi, infrastruktura, demir ýol ulaglary, tokaýlary dikeltmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýar.
Taraplar şu resminamalara gol çekdiler:
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyk;
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardamy bermek hakynda Ylalaşyk;
- «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we serişdeler ministrliginiň arasynda himiýa senagatynda we senagat gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Koreýa Respublikasynyň Howa, energetika we daşky gurşaw ministrliginiň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Gender deňligi we maşgala ministrliginiň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministrliginiň arasynda intellektual eýeçilik babatda ähli taraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda hukuk we ýustisiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Koreýa Respublikasynyň Ýokary prokuraturasynyň arasynda transmilli guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Koreýa Respublikasynyň Koreýa Gümrük gullugynyň arasynda serhetde intellektual eýeçilik hukugyny goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Koreýa Milli polisiýa agentliginiň arasynda polisiýa hyzmatdaşlygy barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda infrastruktura babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Koreý tokaý gullugynyň arasynda tokaýlary sanly görnüşde dikeltmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama.