15-nji sentýabrda Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Ço Çon Sik bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Milli Assambleýanyň binasynda geçirilen duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ço Çon Sik Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurda döwlet saparyny amala aşyrmagynyň möhüm ähmiýetini belläp, onuň döwletara we parlamentara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Ço Çon Sik hem türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Koreýanyň parlamentiniň Başlygy öňki döwürde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň berk binýadynyň döredilendigini we onuň häzirki wagtda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýardam berýändigini belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek konsepsiýasyny Koreýa Respublikasynyň goldaýandygyny aýdyp, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän halkara ulag geçelgelerini döretmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini belläp, parlamentara hyzmatdaşlygyň türkmen-koreý köpugurly gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridigini aýtdy.
Duşuşykda parlamentara dostluk toparlarynyň işi hem bellenildi. 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň parlamentara dostluk toparlary yzygiderli esasda hyzmatdaşlyk edýär.
Şeýle hem 2023-nji ýylda iki ýurduň parlamentleriniň wekilleriniň birinji türkmen-koreý konsultatiw mejlisiniň, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa ikinji mejlisiň geçirilendigi bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda “2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmeginde beren goldawy üçin koreý tarapyna minnetdarlyk bildirdi we duşuşygyň parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-koreý dostlukly gatnaşyklarynyň iki ýurduň we halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.