Serdar Berdimuhamedow Koreýanyň Premýer-ministri bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny maslahatlaşdy

Düýn, 22:301,467

15-nji sentýabrda Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Son Suk bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Koreýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň bu saparynyň möhüm ähmiýetini belläp, Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda geçirilen gepleşikleriň türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Han Son Suky Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, häzirki döwlet saparynyň türkmen-koreý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada gürrüň gozgap, döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň möhüm ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny, koreý kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň gaz pudagynda we himiýa senagatynda dürli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, gaz pudagynda we himiýa senagatynda, şeýle hem ulag-logistika ulgamynda we gämi gurluşygynda hyzmatdaşlygy giňeltmek teklip edildi. Koreý kompaniýalaryny Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, logistikany sanlylaşdyrmaga, gämi gurluşygyna we gämi abatlaýyş işlerine gatnaşmaga çagyrdy.

Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak maksady bilen suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi. Türkmenistan akylly suw dolandyryş ulgamlaryny döretmekde koreý tejribesini ulanmaga gyzyklanma bildirýär.

Döwlet Baştutanymyz emeli aň we sanlylaşdyrma ulgamynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi.

Bilim we hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi, bilelikdäki bilim maksatnamalarynyň sanyny artdyrmagy, emeli aň, inženerçilik, energiýa we sanly tehnologiýalar boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin maksatnamalary döretmegi teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Koreýanyň Premýer-ministrini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Han Son Suk çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetini belledi.