Türkmenistan we Günorta Koreýa ençeme ugurda pudagara hyzmatdaşlygy ýola goýdy

Düýn, 04:542,166
1 / 3

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň arasynda gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Resminamalar söwda-ykdysady, bilim hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Söwda-ykdysady we senagat hyzmatdaşlygy:

  • Türkmenbaşyda­ky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen «YUHANTECH Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda tehniki hyzmat edişde innowasiýalar we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen «Hyundai Corporation» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ bilen «Yousung Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Ulag, aragatnaşyk we suw hojalygy:

  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «LS Cable & System» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda «Garagum derýasynyň 850–1100 km aralygynda hereket edýän suw hojalyk desgalarynyň durkuny täzelemek we täze suw hojalyk desgalaryny gurmak» taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Ylym, bilim ugry boýunça:

  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kanwon milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Koreýa tehnologiýa we bilim uniwersitetiniň (KOREATECH) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kýung Hi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Inçhon milli uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Seul milli uniwersitetiniň Aziýa merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen Seul milli uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda ylmy we akademik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Songýungwan uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Metbugat we medeniýet ugry boýunça:

  • Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen «Yonhap» habarlar agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň Aziýa medeniýeti milli merkeziniň arasynda medeni alyş-çalyşda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Hususy kärhanalar hem çetde galmady. Türkmenistanyň «Amatly çözgüt» IT kompaniýasy bilen Koreýanyň «S&T System Inc.» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda ilkinji türkmen-koreý «Ýerli tor» IT kärhanasyny döretmek barada ylalaşyga gol çekildi.

«Biznes Türkmenistan» neşiriniň maglumatyna görä, täze kärhana Türkmenistanda serwerleri, maglumatlary saklaýyş ulgamlaryny we tor enjamlaryny öndürmek üçin önümçilik binýadyny döretmegi maksat edinýär. Koreý tarapy tehnologiýalary, tehniki çözgütleri we önümçilik tejribesini hödürlär, türkmen hünärmenleri bolsa önümçiligi guramak, zerur infrastrukturany döretmek hem-de enjamlary içerki bazaryň talaplaryna laýyklaşdyrmak işleri bilen meşgullanar.

Kärhanada enjamlary ýygnamak, sazlamak, synagdan geçirmek we olary programma üpjünçiligi bilen utgaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, önümleriň hiline gözegçilik etmek, kepillik we kepillikden soňky hyzmatlary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Geljekde bilelikdäki kärhanada önümçiligiň ýerli derejesini ýokarlandyrmak, täze tehnologiýalary özleşdirmek we türkmen hünärmenlerini taýýarlamak boýunça işler alnyp barlar.