KNBC teleýaýlymynyň habarçylarynyň ulanýan dikuçary ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde heläkçilige uçrady. Pajyga bolan wagty dikuçardaky žurnalistler awtobus bilen bagly ýol-ulag hadysasy barada göni ýaýlymda habar berip duran eken. Muny New York Post neşiri habar berýär.
Dikuçar birnäçe awtoulagyň we ýük konteýnerleriniň golaýyna gaçdy. Heläkçilikden soňky dörän ýangyny Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri söndürdiler.
Pajyganyň netijesinde azyndan üç adam pida boldy. Olaryň biriniň şol wagt awtoulag duralgasyndan geçip barýan tötänleýin ötegçidigi belli boldy. Dikuçaryň içinde takyk näçe adamyň bolandygy indi anyklanylýar diýip, Los-Anjeles şäheriniň Ýangyn söndürijiler gullugynyň (LAFD) wekilleri habar berdiler.
Heläkçiligiň sebäbi häzirlikçe belli däl.