Türkmen talyplary üç sany internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Düýn, 17:082,012

Türkmen döwlet oba hojalyk instituty şu ýylyň oktýabr aýynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda birnäçe internet ders bäsleşiklerini geçirer. Institut bu çäreleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen guraýar.

Olimpiadalar talyplaryň taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmaga, bilimlerini we ukyplaryny çuňlaşdyrmaga, döredijilikli pikirlenmesini, özbaşdaklygyny hem-de ylmy we amaly wezipeleri çözmek ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem olar ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, mugallymlaryň we talyplaryň arasynda tejribe alyşmaga hem-de geljekde halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.

Topragy öwreniş boýunça III internet ders bäsleşigi

  • Guramaçy: Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasy.

  • Gatnaşyjylar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ähli taýýarlyk ugurlarynyň we hünärleriniň 3-5-nji ýyl talyplary.

  • Görnüşi: şahsy birinjilik, 50 soragdan ybarat test.

  • Senesi we wagty: 26-njy oktýabr, sagat 15:00.

  • Dowamlylygy: 90 minut.

  • Gözegçilik: Zoom programmasy arkaly.

  • Habarlaşmak üçin: +993 65 894549, +993 65 276237.

Meteorologiýa we klimatologiýa boýunça I internet ders bäsleşigi

  • Guramaçy: Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasy.

  • Gatnaşyjylar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ähli taýýarlyk ugurlarynyň we hünärleriniň 2-4-nji ýyl talyplary.

  • Görnüşi: şahsy birinjilik. 50 soragdan ybarat test (1 baldan 40 sany test soragy we 2 baldan test görnüşindäki 10 sany mesele).

  • Sene we wagty: 28-nji oktýabr, sagat 15:00.

  • Dowamlylygy: 90 minut.

  • Gözegçilik: Zoom programmasy arkaly.

  • Habarlaşmak üçin: +993 61 978564, +993 63 775659.

Nazary mehanika boýunça VI internet ders bäsleşigi

  • Guramaçy: Türkmen oba hojalyk institutynyň Amaly mehanika kafedrasy.

  • Gatnaşyjylar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ähli taýýarlyk ugurlarynyň we hünärleriniň 1-3-nji ýyl talyplary.

  • Görnüşi: şahsy birinjilik. Gatnaşyjylara 50 soragdan ybarat test (1 baldan 30 sany test soragy we 2 baldan test görnüşindäki 20 sany mesele) hödürlenýär.

  • Sene we wagty: 30-njy oktýabr, sagat 14:00.

  • Dowamlylygy: 120 minut.

  • Gözegçilik: Zoom programmasy arkaly.

  • Habarlaşmak üçin: +993 63 887557, +993 65 931638.

Hasaba alynmak üçin ýokary okuw mekdebi bäş talypdan köp bolmadyk toparyň we ýolbaşçynyň maglumatlaryny (fakultet, hünär, ýyl, gatnaşyjylaryň we ýolbaşçynyň ady, familiýasy hem-de atasynyň ady, kafedra, e-mail we telefon belgileri) 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabryna çenli tohi_tm@sanly.tm salgysyna ibermeli.

Ýumuşlar institutyň saýtynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler. Gatnaşyjylara aragatnaşyk serişdelerini, foto-, audio- we wideoýazgy enjamlaryny, salgylanma materiallaryny, interneti we islendik maglumat göterijilerini ulanmak gadagan edilýär. Iş özbaşdak ýerine ýetirilýär, düzgüni bozanlar bäsleşikden çykarylýar.

Ýeňijiler toplanan ballaryň jemine görä kesgitlenýär. Gatnaşyjylaryň umumy sanyna baglylykda, olaryň 5%-i I derejeli, 10%-i II derejeli, 15%-i bolsa III derejeli diplomlara eýe bolar. Netijeler institutyň saýtynda neşir ediler.

Giňişleýin maglumatlar, geçiriliş şertleri we ýumuşlar hem institutyň resmi https://tohi.edu.tm/comp2627.php saýtynda elýeterli bolar.