Benedikt Kamberbetç maşgala mirasynyň üstünde gyr-tutuş bolup ýör: Gaý Riçiniň täze filminiň treýleri

Şu gün, 10:23953
1 / 2

Gaý Riçiniň «Aýalym hem it» («Wife & Dog») atly trilleriniň ilkinji tizer-treýleri çap edildi.

Filmde Benedikt Kamberbetç, Rozamund Paýk, Jeýms Norton we Entoni Hopkins ýaly meşhur aktýorlar çykyş edýär. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabryna meýilleşdirilýär.

Filmiň wakalary görnükli we baý Ferbenk maşgalasynyň durmuşynda bolup geçýär. Maşgala miras ugrunda gazaply göreşi başdan geçirýär. Pul, abraý we maşgala baýlygyny dolandyrmak islegi ahyrynda biwepalyga getirýär. Asylzadalaryň adaty durmuşy kem-kemden çynlakaý gapma-garşylyga öwrülýär. Özi-de bu göreşde her kim öz maksadyna ýetmek üçin iň soňuna çenli gitmäge taýýar.

«Aýalym hem it» Gaý Riçiniň doly özbaşdak taslamasy. Ol filmiň ssenarisini-de özi ýazdy, oňa režissýorlygam etdi.

Filmiň ähli düşüriliş işleri Beýik Britaniýada geçirildi. Onuň ençeme sahnasy Sandown Park atly at aýlawynda düşürildi. At çapyşyklary filmiň sýužetinde möhüm orun eýeleýär we garaşylmadyk wakalara duçar bolan asylzadalaryň dünýäsiniň aýratyn atmosferasyny döretmäge kömek edýär.