JONY adyny üýtgetdi: indi ol Massimo Torriçelli

Şu gün, 13:082,123
1 / 3

Asly azerbaýjan bolan russiýaly aýdymçy JONY pasport maglumatlaryny üýtgetdi. Indi artistiň resminamalarynda Jahid Afrail adynyň deregine Massimo Torriçelli diýlip görkezilýär.

KP.ru neşiriniň habar bermegine görä, aýdymçy sosial torlarda Russiýanyň raýatynyň daşary ýurt (biometrik) pasportynyň skan görnüşini ýerleşdirdi, ýöne näme sebäpden adyny we familiýasyny üýtgetmek kararyna gelendigini aýtmady.

Aýdymçynyň doglan wagtyndaky ady — Jahid Afrail ogly Guseýnli. Ol Azerbaýjanda doguldy, dört ýaşyndan bäri bolsa Russiýada ýaşaýar. 2021-nji ýylda JONY «НТВ» kanalyndaky «Maska» şüweleňiniň ikinji möwsüminiň ýeňijisi boldy.

Aýdymça uly meşhurlygy «Комета», «Ты беспощадна» we 2020-nji ýylda EMIN (Emin Agalarow) bilen bilelikde ýazylan «Камин» aýdymlary getirdi.

Ýakynda «Камин» aýdymy ulanyjylar sosial torlarda emeli aňyň kömegi bilen döredilen kontentde ulanyp başlandan soň gaýtadan meşhurlyga eýe boldy. Trek garaşylmadyk ýagdaýda meşhurlygy boýunça Teýlor Swiftiň kompozisiýalaryny hem yzda galdyrdy.

Ýatladyp geçsek, 2022-nji ýylyň dekabr aýynda JONY Aşgabatda konsert beripdi. Paýtagtdaky Gyşky oýunlar sport toplumyna ony diňlemäge 10 müň töweregi adam ýygnanypdy. Aýdymçy özüniň belli aýdymlaryny ýerine ýetirmek bilen, muşdaklaryň arasynda uly gyzgalaň döretdi.