«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijilerine noutbuk we diplom gowşuryldy

Şu gün, 10:25588
1 / 5

Düýn Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna geljekki sahna ussatlary, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdy. Konsertiň dowamynda ýurduň geçmişini we şu gününi, Watana bolan söýgini, milli medeni mirasy we gözel tebigaty wasp edýän onlarça halk hem-de estrada aýdymlary ýerine ýetirilip, tans we folklor çykyşlary görkezildi.

Eminleriň çözgüdi we Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen gatnaşyjylardan iň zehinliler saýlanyp, bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara diplomlar we döwlet Baştutanynyň adyndan noutbuk kompýuterleri gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu aýdymçy çagalar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi:

  • Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa;
  • Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Allanazar Annageldiýew;
  • Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Leýla Çaryýewa;
  • Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Sary Amanow;
  • Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Hudaýberdi Hojaberdiýew;
  • Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýna Döwletýarowa;
  • Mary welaýatynyň Oguzhan etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Baýramdurdy Çaryýew.

Mundan başga-da, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan beýleki çagalaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşyjylar döwlet Baştutanynyň adyna hoşallyk Ýüzlenmesini kabul etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.