Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlag iberdi. Bu telebäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýär. Gutlag hatynyň teksti TDH tarapyndan neşir edildi.
«Bedew batly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan döwletli Diýarymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent waspyna öwrülen şirin owazly aýdym-sazlary ýerine ýetirmekde size döredijilik rowaçlyklaryny arzuw edýärin».
Döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabyndan «Aýdym-saz sungaty biziň halkymyzyň durmuşynda hemme döwürlerde-de aýratyn hormat-sylaga mynasyp bolupdyr» diýen sözleri getirmek bilen, türkmen halkynyň aýdym-saza bolan sarpasyny nygtap geçdi.
Gutlagda milli aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran ussatlaryň mirasy nusgalyk mekdep hökmünde görkezilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ýaş aýdymçylaryň öňünde duran möhüm wezipeler barada şeýle diýýär:
«Aýdymçy ýaşlar, siz öz tebigy sesiňiz, ýerine ýetirijilik aýratynlygyňyz bilen sungat äleminde öz ornuňyzy tapmalysyňyz! Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen aýdym-saz sungatynyň geljekki ösüşleri size baglydyr».
Döwlet Baştutany ýaşlaryň halypa-şägirtlik mekdebini dowam etdirip, milli medeniýetiň meşhurlygynyň bütin dünýäde artmagyna goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.