The Beach Boys toparynyň 60 ýyl öň çykan "God Only Knows" atly aýdymy ähli döwürleriň iň gowy pop-kompozisiýasy diýlip atlandyryldy. Ol Collider neşiriniň düzen 25 pop aýdymyndan ybarat sanawynda birinji orny eýeledi.
1966-njy ýylda döredilen bu aýdym The Beach Boys toparynyň on birinji studiýa albomy bolan "Pet Sounds-a" girizildi. Aýdymy Braýan Wilson bilen şahyr Toni Eşer döretdi.

Wilsonyň aýtmagyna görä, aýdymy ýazmak üçin olara bir sagat töweregi wagt gerek boldy. Sazandalar şobada üýtgeşik bir zadyň emele gelendigini duýupdyrlar.
Collider "God Only Knows" aýdymynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde onuň sözlerine üns çekýär. Adaty aýdymlardan tapawutlylykda, kompozisiýa söýgini ebedi we şertsiz bir zat hökmünde görkezmeýär. Aýdym turuwbaşdan aýralykdan gaçyp-gutulyp bolmajakdygyny ýaňzydýar. Collider-iň awtorlarynyň pikirine görä, hut şu duýgy ejizligi hem aýdymy aýratyn manyly edýär.
Lenç edilen romantiki sözlerden ýüz öwürmek pikiri Eşere degişli eken. Ol aýdymy duýgularyň bir gün köräp biljekdigini boýun almakdan başlamagy ýörite saýlapdyr. Ikirjiňlenendiklerine garamazdan, sazandalar şol döwür üçin geň bolan bu çemeleşmäni goldapdyrlar.
1966-njy ýylyň sentýabr aýynda "God Only Knows" ABŞ-nyň Billboard Hot 100 hit-paradynda 39-njy orna çykdy. Wagtyň geçmegi bilen aýdym The Beach Boys toparynyň iň täsirli eserleriniň birine we nusgawy pop aýdyma öwrüldi.
Şeýle hem Collider-iň sanawyna Dewid Bowiniň "Life on Mars?", The Beatles toparynyň "In My Life", The Ronettes toparynyň "Be My Baby", Madonnanyň "Ray of Light", Maýkl Jeksonyň "Billie Jean", The Kinks toparynyň "Waterloo Sunset", Teýlor Swiftiň "Style" we Treýsi Çepmeniň "Fast Car" aýdymlary girdi.