Mejlisiň Başlygy şu ýylda kabul edilen kanunlar barada hasabat berdi

Düýn, 23:002,216

2026-njy ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan sekiz kanun we 14 karar kabul dildi. Milli parlamentiň şu ýylyň dokuz aýyndaky işiniň netijeleri barada Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Kabul edilen Kanunlaryň arasynda şular bar:

  • «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
  • «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny.

Mundan başga-da, hereket edýän kanunlara şu aşakdakylary düzgünleşdirýän degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi:

  • raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak,
  • önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek,
  • buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek,
  • işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak,
  • awtomobil ýollary we ýol işi,
  • daşky gurşawy we suwuň biologik serişdelerini goramak,
  • migrasiýa syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak.

Hasabaty diňläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylygyny we hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.