Türkmenistanda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Watançylyk taglymaty» atly täze kitaby neşir edildi. Onuň çykmagy barada anna güni, 2-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yglan edildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow türkmen halkynyň Milli Lideriniň atalyk öwüt-ündewlerini özünde jemleýän täze kitabyň neşir edilmegi bilen Prezident Serdar Berdimuhamedowy gutlady.
Kitabyň bilimli we hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde neşir edilendigi bellenildi.
Hökümet mejlisinde şu ýylyň dokuz aýynyň netijeleri, şol sanda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda gazanylan üstünlikleriň jemleri jemlenildi.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, hasabat döwründe okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak we ylmy barlaglary ösdürmek işleri dowam etdirildi. Türkmenistanyň okuwçylary we talyplary halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 1040 medal gazandy.