Mercedes-Benz ilkinji gezek hereket edýän iki sany CLA awtoulagyny çaknyşdyrdy

Şu gün, 13:041,065
1 / 6

Mercedes-Benz kompaniýasy iki sany hereket edýän awtoulagyň çatrykda çaknyşýan ýagdaýyny modelirläp, adaty bolmadyk heläkçilik synagyny geçirdi. Synagyň dowamynda emeli usulda gapdal urguly agyr ýol-ulag hadysasy döredildi.

Synaga CLA Shooting Brake gibrid uniwersaly we doly elektrikli CLA sedany gatnaşdy. Awtoulaglaryň hersiniň agramy iki tonnadan geçýär. Çaknyşmazdan öň olaryň ikisi hem sagatda 56 kilometr tizlik bilen hereket etdi. Mercedes-Benz bu tizligi çatryklarda bolup geçýän agyr ýol-ulag hadysalary üçin häsiýetli tizlikleriň ýokarky çägi hökmünde kesgitleýär.

Munuň ýaly synaglar hereket edýän kanunçylyk talaplarynda ýa-da awtoulaglaryň howpsuzlygyny bahalandyrýan häzirki reýtinglerde göz öňünde tutulmaýar.

Synagyň netijesi ýolagçylaryň agyr şikes almak töwekgelçiliginiň pesdigini görkezdi, ýokary woltly batareýalara bolsa zeper ýetmedi.

Awtoulaglaryň hersinde iki uly adamy we iki çagany şekillendirýän dört sany synag manekeni ýerleşdirildi. Inženerler çaknyşykdan soň iki awtoulagyň hem ýolagçylar üçin niýetlenen gorag böleginiň durnukly galandygyny anykladylar. Manekenlerde ömre howp salýan aşa agram düşmeler hem hasaba alynmady.

Synag wagtynda hünärmenler Rescue Intelligence atly täze ulgamyň işleýşini hem barladylar. Mercedes-Benz bu ulgamy 2027-nji ýyldan başlap seriýaly önümçilikdäki awtoulaglara ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

Ulgam ýol-ulag hadysasy wagtynda awtoulagdan halas ediş gulluklaryna maglumat ibermäge mümkinçilik berer. Ol ýolagçylaryň sany, howpsuzlyk ýassyklarynyň, howpsuzlyk kemerleriniň we gapylaryň ýagdaýy, şeýle hem elektrik güýç ulgamynyň işleýşi baradaky maglumatlary öz içine alar. Munuň netijesinde halas edijiler eýýäm ýol hadysasynyň bolan ýerine çenli aralykda zerur maglumatlary öňünden alyp, işleri has netijeli gurap bilerler.