Günorta Koreýanyň Hyundai kompaniýasy wideokameralaryň kömegi bilen belli bir adamy gözlemäge mümkinçilik berýän tehnologiýany patentledi. Bu ulgam awtoulaglarda, şeýle hem Hyundai kompaniýasynyň düzümine girýän Boston Dynamics tarapyndan öndürilýän Atlas robotlarynda ulanylyp bilner.
Täze tehnologiýanyň ýiten adamlary tapmaga we jenaýatda güman edilýänleri gözlemäge ýardam bermegine garaşylýar.
Oýlap tapyşyň beýanyna görä, ýörite algoritmler wideolary seljerip, adamyň daşky görnüşiniň aýratynlyklaryny tanar. Olar adamyň boýuny, beden gurluşyny, gözleriniň we gulaklarynyň görnüşini, şeýle hem geýýän eşiklerini seljerer. Ulgam adamy diňe bir onuň fotosuraty boýunça däl, eýsem daş keşbiniň tekst görnüşindäki suratlandyrmasy arkaly hem gözläp biler.
Patent baradaky maglumata ünsi çeken CarBuzz neşiri bu tehnologiýanyň döredip biljek howplaryny hem belläp geçýär. Elbetde, täze ulgam hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ulanylanda, ol adamlary gözlemek işini ýeňilleşdirip biler. Emma tehnologiýadan nädogry peýdalanylsa ýa-da ol bet niýetli adamlaryň eline düşse, köpçülikleýin gözegçilik etmek üçin ulanylyp, adamlaryň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizliginiň bozulmagyna-da getirip biler.