Paleontologlar ABŞ-da miwe bilen iýmitlenen ýelekli kiçijik dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardylar. Ol Infernogallus jamesi, ýagny «dowzah towugy» diýlip atlandyryldy.
Dinozawryň galyndylary — gowy saklanan kelleçanagy we süňkleriniň bölekleri ABŞ-nyň demirgazyk-günbataryndaky Hell-Krik geologik gatlaklaryndan tapyldy. Gözleg Stouni-Bruk uniwersitetiniň, Ontarionyň Korollyk muzeýiniň we Demirgazyk Dakotanyň Geologiýa gullugynyň alymlary tarapyndan geçirildi. Gözlegiň netijeleri «Nature Communications» ylmy žurnalynda çap edildi.

Infernogallus jamesi dişsiz, ýelekli dinozawrlaryň bir toparyna degişli bolup, olar senagnatidler diýlip atlandyrylýar. Bu dinozawr hek döwründe ýaşap, tirannozawrlar we triseratopslar bilen bir döwürde ýaşapdyr. Ululygy boýunça hindi towugyna meňzeş bolan bu jandaryň agramy, takmynan, 12 kilogram bolupdyr.
Alymlar kompýuter tomografiýasynyň kömegi bilen onuň kelleçanagynyň gurluşyny dikeldip, adaty bolmadyk aýratynlygy ýüze çykardylar: kentlewük süňkleri aşaklygyna, agyz boşlugyna tarap egrelipdir. Şol sebäpli çüňküň hereketine jogap berýän myşsalar beýleki dinozawrlaryň köpüsindäkiden tapawutly ýerleşipdir. Bu bolsa çüňküň diňe ýokary-aşak däl, eýsem öňe-yza hereket etmegine hem mümkinçilik beripdir.

Kelleçanagyň şeýle gurluşy dinozawra ýumşak iýmiti eýýäm agyz boşlugynda işlemäge, miweleri owratmaga we olaryň çigidini aýyrmaga kömek edipdir. Bu ýagdaý häzirki zaman totuguşlarynyň iýmitleniş usulyna meňzeýär.
«Biz hek döwründe dinozawrlaryň ekoulgamlarda dürli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ewolýusiýa arkaly özgerendigini bilýärdik. Emma miwe bilen iýmitlenen dinozawrlary taparys diýip asla garaşmandyk» diýip, gözlegiň ýolbaşçysy Greg Fanston belledi.
Bu açyş alymlara senagnatidleriň ewolýusiýasy bilen gülli ösümlikleriň ýaýramagynyň arasyndaky baglanyşygy yzarlamaga hem mümkinçilik berdi. Gözlegiň awtorlarynyň pikiriçe, dinozawrlar häzirki guşlar we käbir süýdemdirijiler ýaly, ösümlikleriň tohumlarynyň ýaýramagynda möhüm orun eýelän bolmagy mümkin.