Türkmenistanda bank kartlarynyň sany 6,6 milliondan geçdi

Şu gün, 18:08963

2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynyň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň bank ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 6,6 milliondan geçdi. Bir ýylyň dowamynda bu görkeziji 4,6% ýokarlandy diýip, ýurduň Merkezi banky habar berýär.

Hasaba alnan ähli kartlaryň 29,5%-i Aşgabat şäheriniň paýyna düşýär — bu ýurt boýunça iň ýokary görkezijidir. Şol bir wagtyň özünde, ýylyň ilkinji dokuz aýynda iň çalt ösüş Arkadag şäherinde hasaba alyndy – bank kartlarynyň sany 16,1% artdy.

Munuň bilen birlikde nagt däl hasaplaşyklaryň paýy hem artýar. Merkezi bankyň wekiliniň oktýabr aýynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynda beren maglumatlary boýunça, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli ýagdaýa görä, nagt däl amallar ýurduň kart töleg ulgamyndaky ähli tranzaksiýalaryň 47,6%-ini düzdi. Bir ýyl ozal olaryň paýy 44,3%-e deňdi. Şeýlelikde, bir ýylyň dowamynda nagt däl amallaryň paýy 3,3 göterim punkt artdy. Bu görkezijiler Türkmenistanda bank kartlarynyň we nagt däl töleg usullarynyň geriminiň artýandygyna şaýatlyk edýär.