SpaceX ýylda 25 gezek Starship raketasyny uçurmaga rugsat aldy

09.05.2025, 12:352,096

ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) Starship uçuşlarynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirine degişli jemleýji ekologiki bahalandyrmasyny çap etdi.

FAA-nyň hasabatyna görä, Ilon Maskyň kosmos kompaniýasy aşakdaky çäreler üçin resmi taýdan rugsat aldy:

  • Tehasdaky «Ýyldyz bazasynda» ikinji uçuş meýdançasyny gurmak;
  • Ýylda 25 gezek Starship transport ulgamynyň uçuşlaryny geçirmek;
  • Kämilleşdirilen Starship we Super Heavy modellerini uçurmak;
  • Starship we Super Heavy raketalaryny Amerikan aýlagyna, Hindi we Ýuwaş ummanlaryna gondurmak;
  • Starship we Super Heavy raketalaryny deňiz platformalaryna gondurmak.

Şeýle-de SpaceX kompaniýasy indi uçuşlarda näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda uçuşlary togtatmaga ýa-da derňew geçirmäge mejbur däl.
Bu çäreler kompaniýanyň Starship ulgamyny has çalt ösdürmegine mümkinçilik berer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.