Täzelenen ChatGPT suratlar arkaly gözlemegi we kontekste has gowy düşünmegi öwrendi

18.06.2025, 14:312,702

OpenAI ChatGPT Search gözleg ulgamyny kämilleşdirdi. Täze wersiýasyna surat gözlegini goşdy, kontekste düşünmegi gowulandyrdy we gaýtalanýan jogaplary azaltmak üçin dowamly söhbetdeşligi ýatda saklamagyny gowulandyrdy.

ChatGPT Search GPT-4o neýromodeli esasynda işleýär. Ulgam indi dürli saýtlardan maglumatlary jemlemek we çeşmelere baglanyşyk bermek arkaly çylşyrymly sowallara has takyk we doly jogap berýär. Bu ChatGPT Search-i Google ýaly däp bolan gözleg ulgamyna alternatiwa edýär.

"Biz ähli ulanyjylary has doly we degişli jogaplar bilen üpjün etmek üçin ChatGPT Search-i täzeledik. Bu tebigy dil interfeýsiniň artykmaçlyklaryny sport netijeleri, paýnama kotirowkalary we başgalar baradaky iň täze maglumatlaryň gymmatlygy bilen birleşdirýär" – diýip, OpenAI-yň wekilleri bellediler .

Täze aýratynlyklaryň arasynda şu aşakdakylar bar:

  • has manyly jogaplar;
  • dowamly söhbetdeşlikleri has gowy ýatda saklamak;
  • çylşyrymly soraglar boýunça multigözleg;
  • surat boýunça gözlemek üçin goldaw.

Şol bir wagtyň özünde, OpenAI neýrogözleýjiniň henizem ýalňyşlyk goýberip biljekdigini, şonuň üçin möhüm maglumatlaryň iki gezek barlanmalydygyny nygtaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.