Tom Holland täze Prada Paradigme erkekler parfýumynyň ýüzi boldy

01.08.2025, 19:283,993

Aktýor Tom Holland Prada Paradigme atly  erkekler üçin täze parfýumyň resmi ýüzi hökmünde saýlandy. Täze ys dünýä bazarynda duşenbe güni satuwa çykarylýar.

Holland bu atyr bilen baglanyşykly beren interwýusynda parfýum saýlamakdaky garaýyşlaryny paýlaşdy:

«Maňa sada zatlar ýaraýar» diýip, aktýor aýtdy. «Ýöne gowy ys ýagdaýy düýbünden üýtgedip biler. Ol göýä göze görünmeýän aksessuar ýaly. Ilkibada duýulmaýar, emma ynam, aýratynlyk berýär. Ynsanyň dünýäde özüni nähili görkezýändigine täsir edip biler» diýip belledi.

Täze parfýum Firmenich kompaniýasynyň hünärmenleri — Mari Salaman, Bruno Ýowanowiç we Nikolas Bonnewil tarapyndan döredildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.