Astrofizikler «limon-planetanyň» atmosferasyna haýran galdy: onda grafit bulutlary bolup biler

28.12.2025, 23:3550
1 / 2

Halkara astrofizikler topary belli bolan planetalardan iň süýrüsi bolan PSR J2322-2650b gaz planetasynyň atmosferasyny öwrendi. Ylmy gözleg onuň diňe bir şekiliniň däl, eýsem atmosfera düzüminiň hem üýtgeşikdigini görkezdi diýip, The New York Times ýazýar.

PSR J2322-2650b 2011-nji ýylda Awstraliýada Parkes radioteleskopy tarapyndan açylan Ýupiteriň ululygyndaky jisimdir. Ol Ýerden 2000 ýagtylyk ýylyndan gowrak uzaklykda ýerleşýär we aşatäze ýyldyzyň partlamasyndan soň galan aşadykyz ýyldyzyň – pulsaryň daşyndan aýlanýar. Planeta ýyldyzdan bary-ýogy 1,6 mln km aralykda ýerleşýär we sekiz sagatda bir aýlaw edýär.
Şeýle ýakynlyk jisimiň süýri şekile eýe bolmagyna sebäp boldy. Ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri, Waşingtondaky Karnegi institutyndan Piter Gaonyň düşündirmegine görä, planetanyň ýyldyza örän ýakyndygy üçin, ondaky madda pulsara tarap akýar. Onuň özboluşly «ýiti ujy» bolup, ondan material zogdurylyp çykýar we spiral boýunça ýyldyzyň içine çekilýär.
Planetanyň ekwatorial diametri polýar diametrinden 38% uly.
«Jeýms Uebb» teleskopynyň kömegi bilen alymlar ilkinji gezek onuň atmosferasyny öwrendi. Onda wodorod, kislorod we azot ýok diýen ýaly. Ol, esasan, geliý we molekulýar ugleroddan durýar. Alymlar ozal şeýle elementleriň agdyklyk edýän dünýäsiniň hasaba alynmandygyny belleýär.
Ylmy gözlegçiler bu planetada grafitden bulutlaryň emele gelip biljekdigini, onuň ýadrosynda bolsa almazlaryň bolup biljekdigini çaklaýar. Pikirleriň birine görä, obýekt doly derejede pulsar tarapyndan «ýuwdulan» ýyldyzyň galyndysy bolup biler. «Ol öz massasynyň 99,9%-ini ýitiren bolmagy ähtimal, biz bolsa ony ahyrynda tötänleýin tapan bolmaly» — diýip, Gao hasaplaýar.
Ýene bir çaklama onuň milliardlarça ýylyň dowamynda durnukly orbitany saklap bilýän täze görnüşli kosmos jisimidigini öňe sürýär.