Formula 1-iň ýedi gezek çempiony Lýuis Hemiltonyň kakasy Entoni Hemilton HybridV10 atly täze garaşsyz global ýaryş seriýasynyň başlanjakdygyny yglan etdi. Onda gibrid awtoulaglary ulanylar diýip, GP Fans portaly ýazýar.
Bu taslamanyň esasy aýratynlygy 1980-nji ýyllaryň ahyryndan 2000-nji ýyllaryň başyna çenli Formula 1-de ulanylan nusgawy V10 hereketlendirijileriniň sesiniň gaýtadan döredilmeginden ybarat bolar.
Guramaçylar dinamiki ýaryşlary tehnologik çözgütler we dünýäniň dürli künjeklerinden bolan janköýerler üçin uly möçberli festiwallar bilen utgaşdyrmagy meýilleşdirýärler. Seriýanyň konsepsiýasy adalatly bäsdeşlik ýörelgelerine, açyk çykdajy gurluşyna we artykmaç tehniki çylşyrymlylygyň bolmazlygyna esaslanýar.
Güýç gurluşlarynyň tehniki aýratynlyklary häzirki wagtda gizlin saklanýar. Öňe sürlen maksat V10-yň akustikasyny täzeden döretmek bolandygy sebäpli, olaryň V6 ýa-da V8 hereketlendirijilerine esaslanjakdygy çak edilýär.
Häzirki zaman Formula 1-de gibrid hereketlendirijilere geçiş 2014-nji ýylda bolupdy; olar ses häsiýetnamalary boýunça öňki modellerinden pes bolan sekiz silindrli enjamlaryň ornuny tutupdy.
HybridV10-yň düzgünleri we gatnaşyjylary barada has giňişleýin maglumatlar şu ýylyň ahyryna çenli çap ediler.