NASA Aýa uçuryljak Artemis II missiýasynyň kinematografik treýlerini görkezdi

23.01.2026, 14:531,207
1 / 2

NASA dört astronawtyň Aýyň töweregine 10 günlük syýahatyny göz öňünde tutýan Artemis II missiýasynyň treýlerini hödürledi. Uçuş 6-njy fewralda bolup biler.

«Biz hiç kimiň hiç haçan görmedik zatlaryny göreris… Öwrenmäge ymtylmak – bu biziň kimdigimiziň düýp esasydyr… bu adam tebigatynyň bir bölegi» – diýip, wideoda astronawt Wiktor Glower aýdýar.

Onuň bilen bilelikde Ýeriň tebigy hemrasyna NASA-dan Rid Waýzman we Kristina Koh, şeýle-de Kanadanyň kosmos agentliginden Jeremi Hansen uçar.
Orion gämisi Floridadaky Kennedi kosmos merkeziniň uçuş meýdançasyna eltilen SLS raketasy bilen orbita çykarylar. Astronawtlar Ýere golaý orbitada birnäçe gün bolup, Orion-yň ulgamlarynyň işini el bilen barlandan soň, ekipaž Aýa tarap ugrar we oňa 5 300 km aralyga ýakynlaşar.

«Biz size Aýy soňky 50 ýylda has gowy tarapdan görkezmek üçin gämini öwreris» – diýip, Artemis II-niň uçuş ýolbaşçysy Jeff Radigan belleýär.

Kosmosda 10 gün bolandan soň, Orion we ekipaž missiýany tamamlap, ummana gonar. Şondan soň Artemis III missiýasyna taýýarlyk görler. Onuň çäklerinde 1972-nji ýyldan bäri adamlaryň Aýa ilkinji gonuşy meýilleşdirilýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.