Angliýada täze dünýä rekordy hasaba alyndy: Gloster şäherinden bolan 67 ýaşly daýhan Grem Barratt ägirt uly sarymsak kellesini ýetişdirmegi başardy.
Bu üýtgeşik gök önümiň agramy 1,75 kg, diametri bolsa takmynan 19 sm-e ýetdi, bu bolsa adaty sarymsagyň ölçeglerinden tas bäş esse uludyr. Washington Post neşiriniň berýän maglumatyna görä, daýhan sarymsagy 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ekip, hasylyny bolsa 2026-njy ýylyň iýunynda ýygnapdyr.
—Men özümde juda üýtgeşik bir zadyň ýetişýändigini duýýardym— diýip, bagban täsin sarymsak hakyndaky gürrüňinde belleýär.
Mundan 12 ýyl ozal, telekommunikasiýa ulgamyndaky menejerlik wezipesinden hormatly dynç alşa çykan Barratt ägirt uly gök önümlerini ýetişdirmek bilen gyzyklanyp başlaýar. Onuň üçin bu ýeňiş soňky iki ýyldaky eýýäm onunjy üstünlik boldy. Mundan ozal hem bagban iň agyr lýuffa hyýary, seldereý we tomatillo (meksika pomidory) şeýle-de iň uzyn nahal nohut kösügi ýaly ugurlarda çempionlyk derejelerini gazanypdy.
Rekordçynyň özi gowy howa şertlerini, ýokary hilli topragy, dogry saýlanan tohumlary we şowlulygy (muny ol iň esasy şert diýip hasaplaýar) üstünliginiň esasy dört sany sebäbi hökmünde görkezýär.
Daýhan bu üýtgeşik üstünligi bilen kanagatlanmajaga meňzeýär. Ol rekord goýan sarymsagyny guradyp, geljek ýyl öz netijesini has-da gowulandyrmaga synanyşmak üçin ony gaýtadan ekmegi maksat edinýär.