Serdar Berdimuhamedow halkara howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak baradaky teklipleri makullady

Düýn, 22:063,815

Türkmenistanda uçuşlaryň howpsuzlygyna we döwrebap hyzmatlara aýratyn üns bermek bilen, halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işleri dowam etdiriler. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli başlangyjy makullady diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Wise-premýer Batyr Annaýewiň aýtmagyna görä, ýurduň raýat awiasiýasy pudagynda halkara kadalaryna laýyk gelýän hyzmatlary ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we halkara howa menzillerinde döredilen şertler daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýär, awiasiýa hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sany bolsa barha artýar.

Howa menzilleriniň infrastrukturasyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berilýär. Şunlukda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlendi.

Prezident raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmegiň uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara talaplaryna jogap berýän döwrebap hyzmatlary ýola goýmak bilen utgaşmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullady we wise-premýere bu ugurda zerur işleri guramagy tabşyrdy.