Apple we Google eýýäm ýedinji gezek dünýäde iň gymmat brend

21.10.2019, 06:373,647

Interbrand agentligi iň gymmat brendleriň her ýylky reýtingini hödürledi, reýtingiň liderleri bolsa üýtgewsiz galdy.
Eýýäm ýedi ýyl yzygider Apple we Google kompaniýalary reýtingde birinji we ikinji ýeri eýeleýärler. Birinjiniň bahasy - $234,241 mlrd, ikinji - $167,713 mlrd.
Bu bolsa ýylda degişlilikde +9% we +8%. Üçünji ýerde Amazon, ol özüniň bahasyny ýylda 24 % artdyrmagy başardy. Häzir kompaniýanyň bahasy $125,263 mlrd.
Ondan soň Coca-Cola (4% peselme, $63,365 mlrd-a çenli), Samsung (2% ösüş, $61,098 mlrd-a çenli), Toyota (5% ösüş, $56,246 mlrd-a çenli), Mercedes-Benz ( 5% ýokarlanma, $50,832 mlrd-a çenli), McDonald’s (4% ösüş, $45,362 mlrd-a çenli) we Disney (11% ýokarlanma, $44,352 mlrd-a çenli) gelýär.
Belläp geçsek, ýylyň dowamynda Disney kompaniýasy 14-nji orundan 10-njy orna gelmegi başardy. Facebook bolsa (12% peselme, $39,857 mlrd-a çenli) 14-nji orna geçmek bilen ilkinji onlukdan çykdy.
Kompaniýa brendleriniň top-100-den umumy bahasy häzir $2,13 trln-a barabar diýip Interbrand habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.