Haçan-da organizm ýiti resperator wirusly kesele (ОРВИ) ýa-da dümewe garşy hereket edýän wagtynda, oňa biziň kömegimiz gerek bolýar. Zerur iýmit endikleri bolsa şeýle wagtda has hem gerekdir: sebäbi biziň bedenimize iýmit ýa-da içgiler bilen düşýän peýdaly (ýa-da zyýanly) maddalar bize hem kömek edip bilýär, hem zyýan edip bilýär. Eger-de siz öz sowuklamaňyza berk gaýtawul bermek isleseňiz, onda biz siziň üçin şeýle wagtda daşda durmaly birnäçe önümleri we içgileri saýladyk.
Apelsin şiresi. Eger-de siziň sowuklamaňyz üsgülewük ýa-da bokurdakda agyry bilen geçýän bolsa, onda siz apelsini, mandarini ýa-da olardan taýýarlanylan şiräni kabul etmekden saklanmaly. Çünki, bu miwelerde sowuklan bokurdaga we nemli barda goşmaça zeper ýetirjek we gutulmaga päsgel berjek limon kislotasynyň düzümi ýokary bolýar.
Süýji zatlar. Haçan-da biz kesellän wagtymyz, biz süýji zatlara has ýykgyn edýäris: şeýle usul bilen organizm kesele garşy göreşmek üçin azrak energiýa almak isleýär. Ýöne muňa ýol bermeli däldir: sebäbi biz düzüminde şeker bolan nämedir bir zady iýenimizde, biziň immun sistemamyz gowşaýar we kesel gaýtadan güýjeýär. Kökäni ýa-da süýjini şekersiz gara şokoladyň birnäçe bölejigi bilen çalşyryň.
Kofeinli gazlandyrylan içgiler. Süýji gazlandyrylan içgileri öz rasionyňyzdan düýbünden aýyrsaňyz has gowy: olar ýürek-damar ulgamynyň saglygyna zyýan ýetirýärler, hatda rak keseliniň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrýarlar. Biz ýaramadyk wagtymyz olar has hem zyýanly: kofein bizi suwsuzlandyrýar, şeker bolsa biziň immunitetimizi gowşadýar – netijede biziň oraganizmizde kesele garşy göreşmäge güýç galmaýar.
Tiz tagam. Bonna Uniwersitetiniň barlagçylary kesgitlediler: fast-fud biziň immun sistemamyza edil ýiti resperator kesel ýaly “agram salýar”. Şonuň üçin ondan hatda sagdyn wagtyňyz hem saklanmaly.
Ajy naharlar. Eger-de siz dümewli bolsaňyz, onda güýçli naharlardan saklansaň gowy: burçda we islendik ajy sousda bar bolan kapsaisin onsuz hem ýeňil bolmadyk burnuň nemli bardalaryna we bokurdaga goşmaça zyýan ýetirip biler.
Ýiti resperator wirusly kesel wagtynda iýmekden saklanmaly önümler
26.11.2019, 06:506,135